"Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi üçin taýarlyk dowam edýär”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda 24-25-nji marda uly maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy

724653
"Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi üçin taýarlyk dowam edýär”

Çawuşogly “24-25-i maýda geçiriljek NATO maslahatyna Ýewropaly liderler hem gatnaşar. Şol maslahatyň çäginde Türkiýe-ÝB maslahaty hem geçirler” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly hususy telewideniýe kanalynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky soraglara jogap berdi.

Çawuşogly Ýewropaly käbir liderleriň NATO maslahatynyň çäginde Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşmak isleýändigini nygtady.

Çawuşogly “NATO maslahatynyň çäginde Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi üçin taýarlyk dowam edýär”diýdi

 



Degişli Habarlar