Premýer ministr Ýyldyrym resmi sapar bilen Moldowa gider

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Moldowanyň Premýer ministri Pawel Filibiň çakylygyna laýyklykda ertir Kişinewa sapar gider

725806
Premýer ministr Ýyldyrym resmi sapar bilen Moldowa gider

Premýer ministrligiň metbugat merkezinden berilen beýannamada Premýer ministr Ýyldyrymyň Moldowanyň Premýer ministri Filibiň çakylygyna laýyklykda maý aýynyň 5-6-sy aralygynda şol ýurda resmi sapar gurajakdygy habar berildi.

Türkiýeden Moldowa premýer ministr derejesindäki ilkinji saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25-nji ýylynda Moldowa bilen täze hyzmatdaşlyk şertleriniň seljerilmegi we dürli ugurlarda birnäçe ylalaşyga gol çekişilmegi meýilleşdirilýär.

Premýer ministr Ýyldyrym saparynyň Kişinewdäki bölüminde Moldowanyň Prezidenti İgor Dodon, Premýer ministri Pawel Filip, Mejlisiň Başlygy Adrian Jandu bilen duşuşar. Ýyldyrym Moldowaly kärdeşi bilen birlikde Türkiýe-Moldowa İşewürler Maslahatyna gatnaşar.

Moldowa bilen Türkiýäniň arasynda dostluk köprüsi häsýetine eýe bolan Gagawuziýa hem barjak Ýyldyrym, 4-nji Gagawus gurultaýynda çykyş eder.

Premýer ministr saparynyň çäginde Türkiýäniň Moldowadaky ilçihanasynyň täze binasyny we türk işewürleriniň hem-de edaralarynyň goldaw bermeginde Moldowada gurlan käbir binalary açar.



Degişli Habarlar