Kalyn Prezident Erdoganyň Russiýa sapary bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygyna laýyklyka Soçi şäherine gider

724651
Kalyn Prezident Erdoganyň Russiýa sapary bilen bagly beýanat berdi

Şu gün duşuşyk geçirjek liderleriň gün tertibinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen Siriýa başda bolmak bilen sebitleýin we global meseleler bolar.

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn beren beýanatynda: “Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygyna laýyklykda 3-nji maýda ýagny, şu gün  Russiýa gurajak saparynyň çäginde söwda kuwwadynyň we iki taraplaýyn maýa goýumlaryň artdyrylmagy, syýahatçylygyň ösdürilmegi, energetika hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegi başda bolmak bilen iki ýurdy gyzyklandyrýan meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar” diýdi.

Beýanatda iki lideriň terrora garşy göreş meselesini hem ele aljakdyklary bellenýär.

Erdogan we Putin Siriýa meselesi bilen baglanşykly bolsa Ženewa we Astana etaplarynyň gözegçiligi, dekabr aýynda ýola goýulan od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünleriniň goralmagy, düzgün bozmalaryň öňüniň alynmagy, akýan ganlaryň duruzylmagy, asuda ilata ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi we syýasy etabyň ýola goýulmagy üçin ediljek işleri ele alarlar.



Degişli Habarlar