Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasyna ýanadandan agza boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Adalat we ösüş partiýasyna 33 aý arakesmeden soň ýaňadandan agza boldy

724205
Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasyna ýanadandan agza boldy

Şeýlelik bilen 16-njy aprelde geçirilen referendum bilen  Partiýaly Prezident döwri hem resmi ýagdaýda başlady.

AK partiýanyň merkezi binasynda çykyş eden Premýer ministr Binali Ýyldyrym Prezident Erdoganyň 21-nji maýda geçiriljek adatdan daşary beýik kongresde partiýanyň başlygy wezipesine teklip ediljekdigini mälim etdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym: “Şu gün türk syýasaty we demokratiýasy üçin taryhy bir gün. Eziz milletimiziň karary bilen ýurdy dolandyrýanlary milletiň we syýasatyň üstünde görmek düşünjesi ýok boldy. Milletiň adamy, millete hyzmat edýän gurama, ýagny Adalat we ösüş partiýasyna milletiň islegi bilen şu gün gaýdyp gelýär” diýdi.



Degişli Habarlar