"Halkara guramalaryň haýsydyr bir ýurtda geçirlen referendumyň netijesini ýatyrmak hukugy ýok"

Ýagland referendumyň netijesi barada beýanat berdi

717532
"Halkara guramalaryň haýsydyr bir ýurtda geçirlen referendumyň netijesini ýatyrmak hukugy ýok"

Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Thorbžorn Ýagland halkara guramalaryň haýsydyr bir ýurtda geçirlen referendumyň netijesini ýatyrmak hukugynyň ýokdygyny aýtdy.

Ýagland Fransiýanyň Strazburg şäheri bilen Germaniýanyň paýtagty Berlinde nemes köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýanatynda Türkiýede Ýokary saýlaw geňeşiniň 16-njy aprelde geçirlen referendumyň netijesiniň ýatyrylmagy baradaky ýüz tutmalary kabul etmezligi meselesiniň Ýewropa Adam hukuklary kaziýetiniň gün tertibine getirlip bilinjekdigini nygtady.

Ýagland “Halkara guramalaryň haýsydyr bir ýurtda geçirlen referendumuň netijesini ýatyrmak hukugy ýok” diýip belledi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar