Türkiýe Fransiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Fransiýanyň paýtagty Parižde polis ulagyna guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

718118
Türkiýe Fransiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

 

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “Hüjüm sebäpli fransuz halkyna we fransuz howpsyzlyk güýçlerine uly gynanç bildirýäris. Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna sabyr, ýaralananlara hem şypa dileýäris” diýildi.

Beýanatda birnäçe gezek şuňa meňzeş hüjümlere sezewar bolan Türkiýäniň we türk halkynyň fransuz halkyna gynanç bildirýändigi nygtaldy.

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda Türkiýäniň şu günki güne çenli bolşy ýaly terrora garşy göreşde Fransiýa goldaw bermäge dowam etjekdigi bellenildi.

Parižde düýn guralan hüjümde 1 polis gullukçysy ýogalypdy, 2 polis hem ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne alypdy.

 



Degişli Habarlar