Erdogan; “Ýewropa Türkiýä ikiýüzli çemeleşmäge dowam edýär”

Prezident R.T. Erdogan merkezi Katarda ýerleşýän “Al Jazira” teleýaýlymyna interwýu berdi

716689
Erdogan; “Ýewropa Türkiýä ikiýüzli çemeleşmäge dowam edýär”

Ýekşenbe güni geçirilen referendum barada habarnama taýarlan Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) obýektiw däldigini beýan eden Erdogan, ÝHHG-nyň synçylarynyň düzüminde terror guramasy PKK-ny goldaýanlaryň bardygyny fotosuratlar bilen delillendirdi.

Ýewropanyň referendumda aç-açan tarap tutandygyny, emma Türkiýäniň indi bir ýaňagyna şarpyk çalynanda beýleki ýaňagyny tutýan ýurt däldigini aýdan Erdogan; “Türkiýe indi ynanýan ýolunda gyşarnyksyz ýöreýär. Ýagny Türkiýe bilimde, saglygy goraýyşda, adalatda, içeri işlerde, transportda, energetikada, azykda, oba hojalygynda, ähli infrastruktura maýa goýumlarynda medeni bäsleşikde ýokary depgine eýe boldy. Ýewropa muňa görübilmezçilik edýär. indi bu täze ulgamda hasam güýçlener” diýdi.

Erdogan Ýewropanyn “faşist, milletparaz” ýaly günäkärlemelerden biynjalyk bolýandygyny, emma şeýle çemeleşmäge dowam edýändigini aýtdy.

Türkiýä ÝB-ne agzalyk meselesinde-de ýalan sözlemäge dowam edýän Ýewropa “demokrat boluň” diýip ýüzlenen Erdogan; “Demokerat bolsaň mesele ýok, emma Türkiýäni 54 ýyllap ÝB-niň bosagasynda garaşdyrýanlaryň demokrat bolmak diýilýän zady bolmaz” diýdi.

Ölüm jezasynyň dikeldilmegi baradaky soraga-da jogap beren Erdogan; “Eger meniň halkym ölüm jezasy barada netijä gelýän bolsa geler, iş gutardy. ÝB-ne kabul etmeseler etmesinler. 54 ýyllap almadylar, näme boldy?” diýdi.

ÝB-ne agza ýurtlaryň Watikana baryp Papanyň wagyzlaryny we nesihatlaryny diňlemegi barada-da durup geçen Erdogan, şolaryň arasynda prowoslaw, protestant, ateist hem bolsa ählisiniň bir milletdigini aýtdy.

Siriýadaky terror guramalaryna garşy göreş barada-da durup geçen Erdogan Amerikanyň täze hökümetiniň PKK-nyň bölümi bolan PÝD-ä garşy pozisiýa eýelemegine garaşýandyklaryny nygtady.

Erdogan günbataryň Ýakyn Gündogarda serhetleri ýaňadandan kesgitleme tagallasyna ünsi çekip; “Günbatar “biz Yrakda, Siriýada territorial bitewiligiň tarapynda” diýýär. Emma iş ýüzünde hamala diýersiňiz paýlaşyk bar ýaly. Mesele şunda” diýdi.

Eýranyň pars imperialist düşünjesiniň soňky döwürde güýçlenmäge başlandygyny aýdan Erdogan, musulmanlaryň arasyndaky jebisleşdiriji faktoryň kowumparazlyk däl, eýsem dindigine ünsi çekdi.

Erdogan; “Kowumparazlyk biziň üçin din bolmaz, messepler biziň üçin din bolmaz, olar analizden ybarat” diýdi.

 



Degişli Habarlar