“Bilmeýän eşitsin, öwrensin; biz dogandyrys we bir milletdiris”

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym konstitutsiýa özgertme girizmek üçin geçirlen referendumyň resmi bolmadyk netijelerine görä “kabul” sesiniň berlendigini aýtdy

713987
“Bilmeýän eşitsin, öwrensin; biz dogandyrys we bir milletdiris”

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym konstitutsiýa özgertme girizmek üçin geçirlen referendumyň resmi bolmadyk netijelerine görä “kabul” sesiniň berlendigini aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym referendumyň netijesiniň belli bolmagyndan soň Adalat we ösüş partiýasynyň merkezi jaýynyň öňünde jemlenşen halka ýüzlenip çykyş etdi.

Sözlerine “Bilmeýän eşitsin, öwrensin; biz dogandyrys we bir milletdiris”diýip başlan Ýyldyrym referenduma bolan ýokary gatnaşyk sebäpli raýatlara öz minnetdarlygyny bildirdi.

Referendum etabynyň asuda ýagdaýda tamamlanandygyny aýdan Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň öňüniň indi açykdygyny belledi.

Premýer ministr Ýyldyrym çykyşynda Prezident R. T. Erdogana hem öz minnetdarlygyny bildirdi.

Ähli raýatlaryň hak-hukuklarynyň goraljakdygyna ünsi çeken Premýer ministr Ýyldyrym “demokratiýanyň we hukuk döwletiniň indi has güýçli ýagdaýa gelendigini belledi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar