Prezident Erdogan Stambulda çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Türkiýäniň terror babatynda esasy göreşiniň perdäniň arkasyndaky güýçlere garşydygyny belledi

711626
Prezident Erdogan Stambulda çykyş etdi

Erdogan Stambul Sinan Erdem sport zalynda Milli ygtyýar jemgyýeti tarapyndan guralan 15-nji iýulda Şehit bolanlaryň ýakynlary we gazylar atly programada çykyş etdi.

Erdogan beýik milletleriň synaglarynyň hem kyndygyny, beýik maksatlar üçin köp ýitgiler bermeli bolýandygyny nygtady.

Prezident Erdogan käbir güýçleriň Türkiýäniň dünýä açylmagyny islemeýändiklerini habar berdi.

Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynda milletiň görülip-eşidilmedik gahrymançylyk görkezendigini aýdan Erdogan bu milletiň terror guramalarynyň arkasyndakylara garşy 16-njy aprelde geçiriljek referendum arkaly güýçli bir jogap berjekdigini mälim etdi.

Erdogan käbir Ýewropa ýurtlarynyň terror guramalary bilen bir bolup, referendumda olaryň arkasynda durýandygyny we halka täsir ýetirmek üçin tagalla baryny edýändigini belledi.

Terror guramalaryna garşy erjellik bilen göreşýändiklerini aýdan Prezident Erdogan: “Esasy göreşimiz perdäniň arkasyndaky güýçlere garşydyr. Germaniýada şol güýçlere garşy göreşilýär, Belgiýada, Gollandiýada, Şweýsariýada, Şwesiýada olara garşy göreşilýär. Eger biziň Daşary işler ministrimiziň uçarynyň gonmagyna rugsat berilmeýän bolsa, Maşgala we sosial syýasatlar ministrimiziň ulagyndan çykmagyna rugsat berilmeýän bolsa, zenanlaryň hukuklaryny agyzlaryndan düşürmeýän bu gödekler, bir zenana garşy gelşiksiz hereket edýän bolsa, onda bularyň medeniýeti ýokdyr. Bularda medenilik ýok” diýdi.



Degişli Habarlar