"Germaniýa terrorçylara penalyk berýär we nasizmi öjükdirýär"

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Germaniýanyň terrorçylara penalyk berýändigini we nasizmi öjükdirýändigini belläp: “16-njy aprelden soň garaşylmadyk habarlary eşidip bilerler” diýdi

710818
"Germaniýa terrorçylara penalyk berýär we nasizmi öjükdirýär"

Erdogan Stambul Saglygy goraýyş uniwersitedinde Ýaşlar bilen beýik duşuşyk atly programada talyplaryň soraglaryna jogap berdi.

Erdogan Gollandiýanyň we Germaniýanyň bu ýurtlarda ýaşaýan türkler bilen duşuşmak islän türk ministrlerine garşy rasist we nasist çemeleşendiklerini we bu bolanlaryň ýönekeý hadysalar däldigini, Germaniýanyň bu pozisiýasy bilen ol ýerde ýaşaýan 3 million türk raýatyna sarpa goýmandygyny nygtady.

Germaniýanyň müňlerçe terrorça penalyk berýändigini aýdan Erdogan bu terrorçylar bilen baglanşykly 4500-den gowrak kazyýet işiniň gozgalandygyny we Germaniýa berilendigine garamazdan, nemes hökümediniň terrorçylar bilen baglanşykly gerek bolan işleri ýerine ýetirmeýändigini habar berdi.

Prezident Erdogan nemesleriň Stambuldaky öýleriniň birinde 1 aýlap içaly terrorçyny saklandygyny, ahyrynda bolsa şol terrorçynyň tussag edilendigini mälim etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýä garşy iki ýüzli çemeleşýändigini bellän Erdogan 16-njy apreldäki referendumdan soň ÝB bilen oturyp gepleşikleriň geçiriljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar