Adalat Ministri Bozdag: “Hüjümde himiki ýaragyň ulanylandygy anyklandy”

Türkiýäniň Adalat ministri Bekir Bozdag Siriýanyň Idlib şäherinden Adana getirilen 3 jesetde geçirilen derňew işleriniň netijesinde hüjümde himiki ýaragyň ulanylandygyny anyklanandygyny mälim etdi

707023
Adalat Ministri Bozdag: “Hüjümde himiki ýaragyň ulanylandygy anyklandy”

Bekir Bozdag Kyrykkalede metbugat işgärlerine beren beýanatynda Siriýanyň Idlib şäherinde himiki ýarag ulanylyp guralan hüjümde ýogalan we Türkiýäniň Adana şäherine getirilen jesetler bilen bagly derňew işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.

Himiki hüjümde ýogalan 1-i zenan 3 siriýalynyň takmynan 3 sagat dowam eden autopsiýa işlerine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Beýleki tarapdan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Russiýanyň garşy çykmagy sebäpli Siriýanyň hökümetinden hasap soralmagynyň öňüniň alynmagyndan soň siriýaly käbir oppozisoner toparlar gyssagly protest geçirmek barada karar kabul etdi.

Asada bagly güýçleriň himiki ýarag ulanyp guran hüjümine garşy Nýu-Ýorkyň Times meýdançasynda protest guraldy.



Degişli Habarlar