Erdogan Kolumbiýanyň Prezidentine we halkyna gynanç bildirdi

Erdogan bolup geçen tebigy heläkçilik sebäpli Kolumbiýanyň Prezidenti Huan Manuel Santosa gynanç hatyny iberdi

704568
Erdogan Kolumbiýanyň Prezidentine we halkyna gynanç bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan sil apatynda we ýeriň süýşmegi netijesinde 250 adamyň ýogalmagy sebäpli Kolumbiýa ähli ugurlarda goldaw bermäge taýardyklaryny belledi.

Erdogan bolup geçen tebigy heläkçilik sebäpli Kolumbiýanyň Prezidenti Huan Manuel Santosa gynanç hatyny iberdi.

Hatynda sil apaty we ýeriň süýşmeginde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýän diýen Erdogan: “Kolumbiýa döwletine we halkyna tüýs ýürekden gynanç bildirýäris we bu apatdan soň şikes ýetenleriň tiz wagtda sagalmaklary üçin ähli goldawa taýardygymyzy bellemek isleýärin. Waka sebäpli hut öz adymdan we milletimiň adyndan dost Kolumbiýanyň halkyna we hökümetine, ýogalanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanç bildirýärin, ýaralananlaryň sagalmaklaryny dileýärin” diýdi.



Degişli Habarlar