“Russiýanyň ÝPG/PÝD bilen bagly pozisiýasy gynandyryjy”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Russiýanyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG/PÝD bilen bagly pozisiýasynyň gynandyryjydygyny belledi

698125
“Russiýanyň ÝPG/PÝD bilen bagly pozisiýasy gynandyryjy”

Hususy telewideniýeleriň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap beren Erdogan Siriýadaky aýralykçy terror guramasynyň barlygy we oňa goldaw berýänler bilen bagly soraga: “Russiýanyň we ABŞ-nyň ÝPG, PÝD, PKK berýän goldawlary bizi gynandyrýar. Özlerine beýan edenim üçin muny açyk ýagdaýda aýdýaryn. Bularyň Siriýadan uzaklaşdyrylmagy möhüm. Saplanmadygy saýyn biziň Siriýadaky wezipämiz tamamlanmaýar. Olary Başar Asad çagyrypdyr. Dünýä syýasatynda olar ýaly zat ýok” diýdi.

Prezident Erdogan Germaniýanyň we Gollandiýanyň türk ministrleriniň maslahatlaryny gadagan etmegi bilen bagly beren beýanatynda gelşiksiz hereketleriň nasist herekede meňzetmeginiň arkasynda duryp: “Oňa hiç kim binjalyk bolmasyn” diýdi.

“Nisizm diýmegimizi islemeýän bolsalar, faşizm diýelimi?” diýen Erdogan bu iki sözüň hem zulmy aňladýandygyny, Günbatarda mesele türk we musulman bolan halatynda bu ýola ýüz tutylýandygyny belledi.

Aýralykçy terror guramasy PKK-nyň çärelerine rugsat beren nemes hökümetiniň mesele Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bolan mahaly gadagançylyk getirýändigini ýatladan Erdogan: “Bu edilýänleriň golbal hukukdaky ady näme?” diýip sorady.

Erdogan bu gapma-garşylyklara garşy elbetde özüniň hem aýtjaklarynyň bardygyny belledi.

Prezident gün tertibinde Germaniýa sapar guramagyň ýokdugyny aýdyp: “Gün tertibimi 16-njy aprel kesgitlär” diýdi.



Degişli Habarlar