Hakkaride 1 esger şehit boldy

Sebitdäki operasiýa dowam edýär

697240
Hakkaride 1 esger şehit boldy

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK agza terrorçylaryň hüjüm guramagy netijesinde 1 esger şehit boldy.

Ümürli howany pursat bilen terrorçylar Gerki Tepe bazasyna girmäge synanyşdylar. Terrorçylar özlerini gören esgerlere garşy granatomýot we beýleki ýaraglar bilen hüjüm guramaga başladylar.

Ýüze çykan çaknyşykda 1 esger ýogaldy, 4 esger bolsa ýaralandy.

Sebitdäki operasiýa dowam edýär.

 



Degişli Habarlar