"Ýewropa syýasatyny Türkiýä görä alyp barýar"

Premýer ministr Binali Ýyldyrym indi Ýewropanyň hem syýasatyny Türkiýä görä alyp barýandygyny aýtdy

693050
"Ýewropa syýasatyny Türkiýä görä alyp barýar"

Çankyryda halka ýüzlenip çykyş eden Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň düýn Gollandiýada geçirlen saýlawa täsirini ýetirendigini aýtdy.

Ýyldyrym “Türkiýe Ýewropada rassizmiň ýaýbaňlanmagynyň öňüni aldy. Emma Türkiýä we yslama garşy bolan duşmançylykly syýasatlar sizi dogry ýola gönükdirmeýär”diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym käbir ýurtlaryň Ýewropa gymmatlyklary, azatlyk, adam hukuklary diýýändigini emma olaryň hakyky ýüzüni geçen hepde görendiklerini ýatlatdy.

Ýewropa ýurtlaryna duýduryş beren Premýer ministr “Başdan geçirlen wakalary ýatdan çykmarys, ýeri gelende degişli jogaby berdik we bermäge dowam ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar