Çawuşogly: “Ýewropadaky ikiýüzlülik çarpaýa galdy”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýewropada ikiýüzliligiň çarpaýa galandygyny aýtdy

692044
Çawuşogly: “Ýewropadaky ikiýüzlülik çarpaýa galdy”

Çawuşogly Çanakgala welaýatynda Söwda we Senagat Birleşmesinde çykyş etdi.

Ministr Çawuşogly 11-nji martda Gollandiýanyň Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýanyň Türkiýäniň öz territoriýasy hasaplanylýan konsulluga barmagyna rugsat berilmän, rasist çemeleşmesinden soň Ýewropa ýurtlaryndan käbir ýolbaşçylaryň özüne telefon edip, Gollandiýanyň ýalňyşandygyny beýan edendigine seretmezden beýannamalarynda Gollandiýany goldandygyny aýtdy.

Ýewropaly ýolbaşçylaryň türk tarapyna arkalaşykly bolmak barada beýannama berendigini hem nygtan Çawuşogly, şol garaýyşlaryň obýektiw däldigini aýtdy.

Çawuşogly ýewropaly syýasatçylaryň Türkiýede 16-njy aprelde geçiriljek referendumda tarap tutýandyklaryny nygtap, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkleriň pikirini üýtgetmäge synanşýandyklaryny, gazetlerleriň sözbaşy goýýandyklaryny mälim etdi.

Çawuşogly: “Türkiýäni gowy görýäniňiz üçin tarap tutýaňyzmy” diýdi we sözleriniň “Şu günki güne çenli biz tarap tutmadyk. Siz tarap tutsanyz bizem tutmaga başlarys” görnüşinde ýetirdi.

Ministr Çawuşogly daşary ýurtlarda ýaşaýan türklere täsir ýetirmegi pikirlenmegiň ters netije berjekdigini duýdurdy.



Degişli Habarlar