Türkiýe Şweýsariýanyň metbugatyny ýazgardy…

Bu barada DİM-niň metbugat sekretary beýannama berdi

690874
Türkiýe Şweýsariýanyň metbugatyny ýazgardy…

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hüseýin Müftüogly Şweýsariýada çap edilýän “Blik” gazetinde berilen habarlardan birinde Türkiýedäki referendum barada ýalňyş maglumatlaryň orun alandygyna ünsi çekip, berk reaksiýa bildirdi.

“Habary berk ýazgarýarys” diýen Müftüogly; “Biz Prezidentimize edilen äsgermezçiligi düzetjek başlangyçlaryň edilmegine garaşýarys” diýdi.

“Blik” gazeti birinji sahypasynda ýerleşdiren habarynda 16-njy apreldäki referendum üçin türk dilinde “garşy” ses berilmegi üçin çagyryş etdi.

Habarda Prezident R.T.Erdogany kemsidiji sözlere-de orun berildi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hüseýin Müftüogly: “Bu töhmetleri kabul etmek mümkin däl, berk ýazgarýarys” diýdi.

Metbugat sekretary Müftüogly Prezident Erdogana edilen kemsitmäniň metbugat azatlygy we žurnalkistika bilen arabaglanşygynyň bolmandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar