Ömer Çelik Gollandiýadaky wakalara garşy nägilelik bildirdi

Çelik Gollandiýada bolan diplomatik skandal bilen baglanşykly twitter hasabyndan beýanat berdi

689918
Ömer Çelik Gollandiýadaky wakalara garşy nägilelik bildirdi

Ýewropa Bileleşigi ministri we Türkiýäniň adyndan Ýewropa boýunça gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çelik Ýewropadaky ähli demokratlaryň we azatlykçylaryň faşizm tolkunyna garşy çäre görmelidiklerini belledi.

Ömer Çelik Gollandiýada bolan diplomatik skandal bilen baglanşykly twitter hasabyndan beren beýanatynda demokratiýa we adam hukuklaryna degişli ähli gymmatlyklary äsgermeýän Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutteniň wakalary başyndan sowmak üçin gara propoganda ýüz tutandygyny mälim etdi.

Rutteniň erbet gollanmalary bilen syýasat we diplomatiýa taryhyna adyny ýazdyrandygyny nygtan Ömer Çelik: “ÝB döredileni bäri ilkinji gezek agza bir ýurdyň Premýer ministri demokratik gymmatlyklary äsgermedi. Ýewropa Adam hukuklary şertnamasynyň düzgünleri Gollandiýada açyk ýagdaýda hökümet tarapyndan bozuldy” diýdi.



Degişli Habarlar