“Munbiçden ýurdumyza howp abanan halatynda Türkiýe degişli çäräni görer”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýadaky nobatdaky nyşananyň Munbiçdigini aýtdy

688190
“Munbiçden ýurdumyza howp abanan halatynda Türkiýe degişli çäräni görer”

Çawuşogly “Munbiçde gabat gelen halatynda aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG-ni nyşana aljakdygymyzy ozal hem aýdypdyk” diýdi.

Ankarada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky soraglaryna jogap beren Çawuşogly terror guramasy ÝPG-niň Siriýadaky kanton hyýalyny puja çykarjakdyklaryny ýatlatdy.

Çawuşogly “Ruslaryň PÝD-ä goldaw bermegi biziň üçin amatly däl. PÝD biziň üçin edil DAIŞ ýaly howply. Munbiçde gabat gelinen halatynda olary nyşana aljakdygymyzy aýdypdyk” diýdi.

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn hem mesele hakyndaky beýanatynda “Munbiçden ýurdumyza howp abanan halatynda Türkiýe degişli çäräni görer” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar