Prezident Erdogan TRT-e beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan referendumyň çäginde Germaniýadaky türk raýatlar bilen duşuşmak üçin işleriň alynyp barylýandygyny belledi

687707
Prezident Erdogan TRT-e beýanat berdi

TRT-e interwýu beren Prezident R.T. Erdogan daşary ýurtlarda ýaşaýan türklere ýüzlenip: “Olardan bir haýyşym bar. Saýlawlara gatnaşyň, nähili päsgelçilik goýsalar goýsunlar ses beriň. Berjegiňiz ses dünýä iň gowy jogap bolar” diýip nygtady.

Erdogan: “Raýatlarymyz bilen bolan aragatnaşygymyza göripçilik edýärler, näme etseler etsinler bu aragatnaşygy kesip bilmezler” diýdi.

Erdogan Russiýa gurajak sapary bilen baglanşykly bolsa gün tertibiniň esasy meselesi Siriýa boljakdygyny, ondan daşgary iki taraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin meseleleriň boljakdygyny habar berdi.

Türkiýäniň Prezidenti 16-njy aprelde referenduma hödürlenjek täze konstitutsiýa bilen Prezident ulgamynda Premýer ministr wezipesiniň ortadan aýryljakdygyny, Parlamendiň ygtyýarynyň we gözegçilik güýjiniň artjakdygyny mälim etdi.

Täze ulgam bilen Prezidentiň kazyýetiň öňüne çykyp bilmeginiň öňüniň açylandygyny bellän Erdogan TBMM-ne saýlawlaryň täzeden geçirilmegi barada ygtyýaryň berilendigini habar berdi.

“Biz halkymyyza has gowy hyzmat berip bilmegiň aladasynda” diýen Prezident Erdogan: “2023-nji ýyldaky maksatlarymyza täze ulgamyň saýasynda ýetip bileris” diýip beýan etdi.

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan konstitutsiýa üýtgeşiklik girizmekligiň ulgama bagly asudalygyň, ynamyň ýerine oturmagy hökmünde garaýandygyny aýdyp: “Hökümediň üýtgedilmegi bilen işimiz ýok, ol iş 1923-nji ýylda tamamlandy” diýdi.

Erdogan häzirki ulgamyň Türkiýede asudalyga howp salýandygyny aýdyp: “Biz özümiziň däl, ýurdumyzyň geljeginiň düýbini tutýarys” diýdi.



Degişli Habarlar