"Men ol ýere giderin we maslahat geçirer ýaly ýer taparyn”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Germaniýanyň Gamburg şäherinde maslahat geçirjek zaly soňky pursatda üýtgedildi

685958
"Men ol ýere giderin we maslahat geçirer ýaly ýer taparyn”

Karara berk garşylyk görkezen ministr Çawuşogly “Taryhda görülmedik ýagdaýda bize basyş etmek bilen ähli maslahatlarymyzy bes etmäge çalyşýarlar. Hususy firmalara degişli myhmanhanalaryň we zallaryň eýelerine basyş edip şertnamalaryny bes etdirýärler. Gamburgda toý ýeriniň rugsatnamasyny bes etmäge synanşdylar. Hiç kim meniň ol ýere gitmegime böwet bolup bolmaz. Men ol ýere giderin we maslahat geçirer ýaly ýer taparyn” diýdi.

Gamburg şäheriniň Mitte etrap häkimliginiň metbugat geňeşçisi nemes köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýanatynda howpsyzlyk sebäpli Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň maslahat geçirjek ýeriniň üýtgedildigini aýtdy.

Adalat ministri Bekir Bozdagyň penşenbe güni Gaggenau şäherinde geçirjek maslahaty dürli bahanalar bilen goý bolsun edilipdi.

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň hem ýekşenbe güni Keln şäherinde geçirljek maslahatynyň ýeri üýtgedilipdi.

 



Degişli Habarlar