Ýewropadan ýene bir skandal beýannama gelip gowuşdy

Türkiýäniň Germaniýa we Gollandiýa garşý reaksiýalary dowam edip durka, Ýewropadan ýene bir skandal beýannama gelip gowuşdy

685212
Ýewropadan ýene bir skandal beýannama gelip gowuşdy

Awstriýanyň premýer ministri Khristian Kern, türk syýasatçylarynyň bütin Ýewropada miting geçirmeklerini gadagan etmek barada çagyryş ündedi.

Beýannama Ankara berk reaksiýa görkezdi.

Ýewropa Bileleşigi ministri Ömer Çelik, Ýewropa Bileleşigine ýüzlenip “Rasist we ýslamofobik syýasatlarý alýp barýan agza döwletleriň hökümetlerine garşy çäre görün” diýdi.

Ömer Çelik, sosial media hasabyndan beren beýannamasynda Türkiýä garşydyklaryny bütin Ýewropada ýaýratmak isleýänleriň esasý gýmmatlyklary depelemkden çekinmeýändiklerini beýan etdi.

Awstriýa hökümetiniň rasist çemeleşikleriniň ýalňyşdygyny beýan etmek bilen, Ýewropa Bileleşigini esasy gymmatlyklary goramaga çagyrdy.

Ýewropa Bileleşigi ministri Ömer Çelik “Awstriýa ýaly käbir döwletlerde esasy gymmatlyklara goýulýan sarpanyn derejesi näçe peselse-de bz esasy gymmatyklary ýatlatmaga dowam ederis” diýdi.

Esasy gymmatlyklaryň rasistlere, yslamofobik we anti-semitik syýasatlara taşlanylmajakdygyny nygtady.



Degişli Habarlar