Siriýanyň hökümetine degişli bir harby uçar Hataý welaýatyna gaçdy

Siriýanyň hökümetine degişli bir harby uçar, Hataý welaýatynyň Samandag etrabýnýň Ýaýlajyk ilatly nokadyna gaçdy

685185
Siriýanyň hökümetine degişli bir harby uçar Hataý welaýatyna gaçdy

Uçarman, heläkçiligiň öňüsyrasyda özüni paraşýut arkaly halas etdi.

Uçar heläkçiliginiň galyndylary tiz wagtda tapyldy. Siriýaly uçarman, 9 sagat dowam eden gözlegden soň heläkçiligiň bolan ýerinden 40 kilometr alysda agyr ýagdaýda tapyldy.

Hassahanada bejergi alýan uçarmanyň saglyk ýagdaýy kadaly.

Siriýanyň Harby Howa Güýçlerine degişli uçar, Hataý welaýatynyň Samandag etrabýnda ýere gaçdy.

Şäher merkeziniň 8 kilometr günbatar tarapyna gaçan harby uçaryn galyndylary halk tarapyndan tapyldy.

Sonra Jandarm güýçleri, Tebigy Apatlar we Adatdan Daşary Ýagdaýlara garşy göreş toparlary bilen bilelikde saglyk goraýyş işgärleri heläkçiligiň bolan ýerine bardylar.

Kokpitde uçarmanyň ýoklugyny anyklan toparlar, gözleg işine girişdiler.

Polisiýanyň we jandarm güýçleriniň bilelikdäki gözleg işleriniň netijesinde heläkçiligiň bolan ýerinden 40 kilometr alysdaky Altynözü etrabynyň Aýwaderesi diýilýän ýerinde uçarmanyň paraşýuty tapyldy.

Uçarman 9 sagatlyk gözleg işiniň netijesinde, paraşýutyň galyndylarynyň 500 metr golaýynda tapyldy. 

Siriýanyň raýaty bolan uçarman, Hataýyň Döwlet Hassahanasynda ýatyryldy.

Gözleg toparlary, ir säher hadysanyň bolan ýerinde seljeriş işlerini dowam etdirdiler.

Hadysa barada barada beýannama beren Hataý welaýatynyň gubernatorý Erdal Ata, uçaryn ýere gaçamagynyň Türkiýe sebäpli bolmandygyny ýa-da serhet bozulmasy bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.



Degişli Habarlar