Goşun generaly Akar Siriýa serhedindäki harby merkezlere baryp gördi

Akar iş saparynyň çäginde operasiýada ýetilen soňky sepgit hakynda maglumat aldy

679547
Goşun generaly Akar Siriýa serhedindäki harby merkezlere baryp gördi

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar serkerdeleri bilen birlikde Siriýa serhedindäki harby merkezlere baryp gördi.

Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy maksady bilen guralýan Ýefrat galkany operasiýasynyň çäginde  düýn terror guramasy DAIŞ-iň Rakkadan soň ikinji harby merkezi aýratynlygyndaky Al Babda umuman alnanda gözegçilik üpjün edildi.

Bu wakadan soň Baş ştabyň başlygy goşun generaly Akar serkerdeler bilen birlikde Gaziantepdäki we Kilisdäki harby merkezlere baryp gördi.

Goşun generaly Akar iş saparynyň çäginde operasiýada ýetilen soňky sepgit hakynda maglumat aldy.

 

 

 



Degişli Habarlar