Ýefrat galkany operasiýasynda 1 esger şehit boldy

Wakada 2 esger hem ýaralandy

676710
Ýefrat galkany operasiýasynda 1 esger şehit boldy

Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy maksady bilen Türk ýaragly güýçleriniň öňbaşçylyk etmeginde 24-nji awgustda başladylan Ýefrat galkany operasiýasynyň 182-nji gününde partlaýjy maddalaryň saplaýyş işlerinde 1 esger şehit boldy.

Baş ştab tarapyndan berlen beýanata görä wakada 2 esger hem ýaralandy.

Beýanatda terror guramasy DAIŞ-e degişli 109 ýeriň gury ýerden we howadan nyşana alynandygy nygtaldy.

Gury ýer we howa hüjümlerinde 44 terrorçy öldürildi.

 



Degişli Habarlar