"ABŞ DAIŞ-i ýeňmek üçin Türkiýe bilen işleşmeli"

Mak Keýin Ankarada Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul edildi

676540
"ABŞ DAIŞ-i ýeňmek üçin Türkiýe bilen işleşmeli"

ABŞ-da Respublikan partiýanyň halk deputaty Arizonanyň Senatory Jon Mak Keýin ýurdunyň terror guramasy DAIŞ-i ýeňmek üçin Türkiýe bilen işleşmelidigini nygtady.

Şol bir wagtda Senadyň Ýaragly hyzmatlar komitetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirýän Mak Keýin Ankarada Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul edildi.

Kabul edilşikden soň ýazmaça beýanat beren Senator duşuşygyň içgin ýagdaýda geçendigini we netijelidigini belledi.

Mak Keýin beýanatynda “ABŞ DAIŞ-i gysga wagtda ýeňmek, duşmanlarymyzy ýok etmek we sebitde deňagramlylygy üpjün etmek üçin Türkiýe bilen işleşmeli. Bu maksada laýyklykda Prezident Erdogan Siriýada howpsyz zolagyň döredilmegini we Rakkanyň yzyna alynmagy üçin ýörite teklip hödürledi we ABŞ şol teklibe üns bermeli”diýdi.

 


Etiketkalar: #Erdogan , #senator , #ABŞ , #DAIŞ

Degişli Habarlar