Türkiýe bilen Eýranyň arasynda täze gümrük geçelgesi açylýar

Iki ýurduň arasynda häzirki wagtda Wanda Kapyköý-Razi, Agryda Gürbulak-Bazargan, Hakkaride bolsa Esendere-Serow gümrük geçelgeleri bar

673751
Türkiýe bilen Eýranyň arasynda täze gümrük geçelgesi açylýar

Türkiýe bilen Eýranyň arasynda täze gümrük geçelgesiniň açylmagyny göz öňünde tutýan kanun taslamasy Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda kabul edildi.

Kanun taslamasyna görä, halkara ýolagçy, goş we ulag geçişinde ulanylýan liniýalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen Diluju-Maku gümrük geçelgesi bilen Kapyköý-Razi gümrük geçelgesi açylar.

Iki ýurduň arasynda häzirki wagtda Wanda Kapyköý-Razi, Agryda Gürbulak-Bazargan, Hakkaride bolsa Esendere-Serow gümrük geçelgeleri bar.

 



Degişli Habarlar