Türkiýanyň Prezidenti R.T. Erdogan Käbäni zyýarat etdi

Türkiýanyň Prezidenti R.T. Erdogan Saud Arabystanyna guraýan saparynyň çäginde Käbäni zyýarat etdi

673440
Türkiýanyň Prezidenti R.T. Erdogan Käbäni zyýarat etdi

Erdogan Medinede Muhammet Pygamberiň guburynyň ýerleşýän ýeri bolan Nebewi metjidini zyýarat edeninden soň, Jiddedäki Şa Abdülaziz adyndaky halkara howa menziline gitdi.

Umra zyýarat etmek maksady bilen gara ýol bilen Mekkä geçen Erdogan düýn gije Haram metjidini zyýarat etdi.

Erdogan we ýanyndaky wekiliýet Käbäniň daşyndan aýlananyndan soň bolsa Merwe we Safa depeleriniň arasynda ýöräp, ybadatyny ýerine ýetirdi.

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan bilen aýaly Emine Erdogan, Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak we Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan mukaddes topraklary zyýarat etdiler.

Umra saparyny tamamlan Erdogan ondan soň bolsa Saud Arabystanynyň Şasynyň myhmanhanasyna geçdi.



Degişli Habarlar