Prezident Erdogan şu gün Saud Arabystanyna barar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan şu gün Pars aýlagy ýurtlara guraýan saparynyň çäginde Saud Arabystanynyň paýtagty Riýada barar

670872
Prezident Erdogan şu gün Saud Arabystanyna barar

Ýurdyň Şasy Selman Bin Abdülaziz bilen duşuşjak Erdogan mirasdar Şazada Muhammed Bin Naifi  we mirasdar wekil Muhammed Bin Selmany kabul eder.

Sebitleýin we halkara meseleler gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolar.

Prezident Erdogan Saud Arabystanyndan soň Katara geçer.

Türkiýäniň Prezidenti düýn bolsa Pars aýlagy ýurtlaryna guraýan saparynyň ilkinji duralgasy Katarda saparda boldy.

Erdogan ol ýerde Şa Hamad Bin Isa Al Halife tarapyndan Sakir köşgünde garşylandy.

Erdogana käbir ministrler bilen birlikde Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar we Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan hem ýoldaşlyk edýär.

Ikiçäk duşuşykdan soň Prezident Erdogana Şyh Isa Bin Salman Al Khalifa medaly gowşuryldy.

Bahreýn bilen Türkiýäniň arasynda bilim, goranmak, energetika ugurlarynda birnäçe möhüm şertnamalara gol çekildi.

Mundan başgada türk raýatlaryna wiza erkinligini döretjek şertnama gol çekildi.

Gol çekişlik dabarasyndan soň Bahreýniň Şasy Prezident Erdogana Käbäniň hakyky örtgüsiniň bir bölegini görkezdi.



Degişli Habarlar