Erdogan bilen Tramp maý aýynda duşuşyp bilerler

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maý aýynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilmegi meýilleşdirilýän NATO-nyň maslahatynda ikiçäk duşuşyk geçirjekdikleri öňe sürüldi

669017
Erdogan bilen Tramp maý aýynda duşuşyp bilerler

Amerikanyň CNN International habarlar gullugynyň Erdogan we Tramp üçin: “Iki lider maý aýynda Ýewropada geçiriljek NATO maslahatynda ikiçäk duşuşyk geçirmegine garaşylýar” diýip ýazan habarynda NATO-ny tankyt edýän Donald Trampyň hem maslahata gatnaşjakdygyna hem ünsleri çekýär.

NBC News kanaly ABŞ-nyň Prezidentiň tankytlara garamazdan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen geçen aý geçiren söhbetdeşliginde maslahata gatnaşmagy kabul edendigini habar berýär.

NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleri 15-16-njy fewral aralygynda Brýusselde duşuşarlar.

Maslahatda ähli ünsler ABŞ-nyň Goranmak ministr wezipesine bellenen Jim Mattisde bolar.

Türkiýäniň Goranmak ministr Fikri Yşygyň hem gatnaşjak maslahatyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry alýansyň terrora garşy göreşi bolar.



Degişli Habarlar