Türkiýe energiýa geçelgesi hökmünde ähmiýetini artdyrýar

Bu barada ABŞ-nyň Energetika maglumatlary edarasynyň habarnasynda beýan edilýär

667562
Türkiýe energiýa geçelgesi hökmünde ähmiýetini artdyrýar

ABŞ-nyň Energetika maglumatlary ederasynyň habarnasynda beýan edilmegine görä Orta Aziýanyň, Russiýanyň we Ýakyn Gündogaryň energetika serişdeleriniň Ýewropa we beýleki ýurtlara akdyrylmagynda Türkiýäniň esasy geçelge ugry bolup durýandygy nygtalýar.

Habarnamada soňky 10 ýylda türk ykdysadyýetiniň ösendigini we onuň nebitiň hem-de beýleki suwk ýangyjyň sarp edilişini artdyrandygy beýan edilýär.

ABŞ-nyň Energetika maglumatlary ederasynyň habarnasy Bosfor we Dardanel bogazlarynyň dünýäniň iň bir gelim-gidimli bogazlarynyň hatarynda durýandygyna, eýe bolan ähmiýetiniň günsaýyn artýandygyna üns çekilýär.

Habarnamada bogazlardan 2015-nji ýylda günde 2 million barrel çig nebitiň we 500 müň barrel nebit önümleriniň geçendigi mälim edilýär.

Habarnamada deňiz ýolunyň ýany bilen Baku-Tibilisi-Jeýhan we Yragyň demirgazygyndan hem turba geçirijileri arkaly nebit akdyrylýandygy ýatladylýar.

Habarnamada beýan edilmegine görä tebigy gazda-da stretegik ähmiýete eýe bolan Türkiýe, dünýäde tebigy sarp ediji ýurtlaryň hatarynda ikinji orny eýeleýän gury ýer Ýewropasy bilen Hazar deňiziniň we Ýakyn Gündogaryň ortasynda ýerleşýär.

Habarnamada Türkiýäniň Akkuýu, Sinop we entek ýeri kesgitlenmedik üçünji bir atom bekedini gurjakdygy, onuň hem energiýa serişdeleri taýdan daşary ýurtlara garaşly bolan Türkiýäni rahatlandyrjakdygy nygtalýar.



Degişli Habarlar