"PKK-a garşy göreşde hyzmatdaşlarymyzdan goldawa garaşýarys"

Wise-premýer Kurtulmuş Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda terrora garşy göreş hakynda durup geçdi

666695
"PKK-a garşy göreşde hyzmatdaşlarymyzdan goldawa garaşýarys"

Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Numan Kurtulmuş Türkiýäniň aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy göreşde hyzmatdaşlaryndan goldawa garaşýandygyny aýtdy.

Wise-premýer Kurtulmuş Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda terrora garşy göreş hakynda durup geçdi.

Numan Kurtulmuş “Biz dostlarymyzdan we hyzmatdaşlarymyzdan diňe DAIŞ-e garşy göreşde maglumat çalşygyna däl, edil şonuň ýaly PKK-PÝD-a garşy göreşde hem Türkiýä goldaw bermeklerine garaşýarys. Dost we hyzmatdaş ýurtlar biri-birine goldaw bermelidir. Soňky döwürde maglumat çalşygy taýdan käbir öňe gidişlikler edildi we terrora garşy göreşde maglumat çalşygynyň diýseň möhüm” diýdi.

 



Degişli Habarlar