Erdogan; “Yslam bilen terror bir ýere sygmaz”

Prezident R.T.Erdogan yslam bilen terroryň bir ýere sygmajakdygyny aýtdy

664434
Erdogan; “Yslam bilen terror bir ýere sygmaz”

Prezident Erdogan resmi sapar bilen Ankara gelen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli kabul etdi.

R.T.Erdogan kabul edişlikden soň geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda Merkel tarapyndan beýan edilen “islamist terror” sözüne garşylyk görkezip; “Esasanda bir zady nygtasym gelýär. Halkymyz bu meselä ýalňyş düşünip biler. İslamist terror sözi barada hormatly Kanslere hem düşündirdim. Terror guramasy DAİŞ sebäpli islamist terror sözüni ulansak, ol biz musulmanlar üçin gynandyryjy bolar. Çünki yslam bilen terror bir ýere sygmaz. Yslam, parahatçylyk diýmegi aňladýar. Şol sebäpli haýyş edýärin, bu sözi ulanmalyň. Çünki ulanylan halatynda biz oňa garşy durarys. Sesimizi çykarmasak ony kabul etdigimiz bolar. Men musulman prezident hökmünde ony asla kabul etmerin. Häzirki wagtda dünýäde terror guramasy DAİŞ-e garşy biziň ýaly göreşýän ýurt ýok. Hemmeler dilden aýdýar, emma biz göreşi egikşiksiz dowam etdirýäris, etdirerisem” diýdi.

Prezident Erdogan Germaniýanyň Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy baradaky derňew işiniň çäginde edilen ýüz tutmalar boýunça çemeleşmesini hem tankyt etdi.

“Biz şol bir wagtda NATO-da bilelikde, iki dost we hyzmatdaş ýurt. Wagt ýitirmezden degişli kararlary kabul edip, netije alsak ýerlikli bolar. PKK, PÝD, ÝPG näme bolsa Fetullahçy terror guramasy hem şol” diýdi.

Angela Merkel hem hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyndan syň Türkiýä ilkinji saparyny guraýandygyny nygtap, terrorçylyga garşy göreşde iki ýurduň ýakyn hyzmatdaşlyk etmelidigini aýtdy.

Merkel Siriýadaky we Yrakdaky wakalar barada bolsa, meseläniň halkara derejesinde seljerilmelidigini aýtdy.

Angela Merkel; “İki tarap üçin hem möhüm bolan Siriýa we Yrak meseleleri barada pikir alyşdyk. Bosgunlar meselesi iki tarap üçin hem möhüm. Türkiýe bosgunlar üçin adatdan daşary tagalla edýär. Bu meselede ÝB-niň wada beren maliýe goldawyny almaly” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel 15-nji iýulda bombalanan Mejlise hem baryp gördi.



Degişli Habarlar