Türkiýe-Ysraýyl syýasy geňeşmeleri Ankarada geçirildi

İki ýurduň arasyndaky syýasy geňeşmeler 2010-njy ýyldan bäri geçirilmeýärdi

663742
Türkiýe-Ysraýyl syýasy geňeşmeleri Ankarada geçirildi

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Türkiýäniň Ysraýylyň Daşary işler ministrlerinin orunbasarlary derejesinde geçirilýän syýasy geňeşmeleriň 15-nji tapgyry düýn Ankarada geçirildi.

1987-nji ýyldan bäri geçirilýän syýasy geňeşmeleriň 6 ýyl soň ýaňadandan başlamagy iki ýurduň gatnaşyklarynyň kadalaşmagy 2016-njy ýylyň iýun aýynda gazanylan ylalaşygyň tebigy netijesi bolup durýar.

Dünki geňeşmelerde Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary seljerilip, esasanda eneregetika, ykdysadyýet, medeniýet we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk şertleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Syýasy geňeşmelerde Ýakyn Gündogar we Gündogar Ortaýer sebiti bilen birlikde sebitleýin meseleler barada pikir alyşyldy.

Syýasy geňeşmeleriň başlamagy bilen kadalaşma tapgyrynda köp taraply gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin başlangyçlaryň edilmegi we iki taraply saparlaryň guralmagy meýilleşdirilýär.

Şol çäkde Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy geljek hepde Ysraýyla sapara gider.



Degişli Habarlar