Stambulda täze ýyl gijesi guralan hüjüm bilen bagly 10 adam tussag edildi

Stambul şäherinde täze ýyl gijesi gijeki klublaryň birine guralan we 39 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüm bilen bagly göz tussaglygyna alynan 17 adamyň 10-sy tussag edildi

662896
Stambulda täze ýyl gijesi guralan hüjüm bilen bagly 10 adam tussag edildi

Tussag edilenleriň arasynda hüjümi guramak barada buýruk beren 1 adam hem bardygy habar berildi.

Stambul Respublikan Baş prokuraturasynyň Terror we guramaçylykly jenaýatlar býurosy tarapyndan dowam etdirilýän terrorçylykly hüjüm bilen bagly derňew işiniň çäginde göz tussaglygyna alynan adamlaryň 17-si  kazyýete iberildi.

Kazyýet Abdulgadir Maşaripowa hüjümi guramak barada buýruk beren Ilýas Mamaşaripowyň “Konstitutsion düzgüni ortadan aýyrmaga synanyşyk”, “Ýaragly gurama agza bolmak” we “Bilkastlaýyn adam öldürmäge kömek bermek” ýaly aýyplamalar sebäpli tussag edilmek barada karar çykardy.

Mamaşaripowyň aýaly Marhaba Abduloewa bilen birlikde ýene-de 8 adam “Konstitutsion düzgüni ortadan aýyrmaga synanyşyk”, “Ýaragly gurama agza bolmak” ýaly aýyplamalar sebäpli tussag edildi.

Şübhe astynda bolan 5 adam bolsa kazyýetiň gözegçiligi astynda azat edildi.

Täze ýyl gijesi Ortaköý etrabyndaky gijeki klublarynyň birinde guralan terrorçylykly hüjümde 39 adam ýogalypdy.

Hüjümçi Abdulkadir Maşaripow wakadan 2 hepde soň Stambulda tussag edilipdi.

Maşaripowyň Içeri işler müdürligindäki işi dowam edýär.



Degişli Habarlar