Erdogan Ylymlar akademiýasynyň baýrak gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident R.T.Erdogan dabarada sözlän sözünde Fetullahçy terror gramasynyň agzalarynyň ýollaryny ýitirendigini aýtdy

663245
Erdogan Ylymlar akademiýasynyň baýrak gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy

Erdogan; “FETÖ/PDÝ-liler hem ýollaryny ýitirdiler. Nämediklerini, kimdiklerini ýatdan çykaryp, her biri diňe eýelerinin buýran zadyny ýerine ýetirýän mankurda öwrülipdirler” diýdi

Prezident R.T.Erdogan Prezidenti kompleksinde geçirilen Türkiýäniň Ylymlar akademiýasynyň baýrak gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan dabarada sözlän sözünde FETÖ/PDÝ barada; “Bu guramanyň hataryndaky alymlar, kazyýet işgärleri, polisler, esgerler, mugallymlar, işewür adamlary gowy bilim alyp, abraýly mekdeplerde okap bilerler, emma ol, olaryň hakykatlaryň öňündäki körliklerini, bisowatdyklaryny, ýüreklerini we anlaryny şarlatana kireýine berendikleri hakykatyny ortadan aýyrmaýar” diýdi.

Agdarlyşyk synanşygynda Mejlisiň bombalanmağy bilen Osman döwletiniň Wekiller Mejlisiniň ýapylmagynyň şol bir zatdan ybaratdygyny nygtan Erdogan; “FETÖ/PDÝ-niň Mejlisi bombalamagy bilen Osman döwletiniň Wekiller Mejlisiniň ýapylmagy bir zat. Şol bir maksada hyzmat edýär. Hiç hili tapawut ýok. İkisi hem milli ygtyýaryň ýüze çykan ýeri bolan guramalary ýapyp, ýurduň basylyp alynmagyna şert döretmek maksadyna gulluk edýär” diýdi.



Degişli Habarlar