"Siriýa meselesiniň syýasy taýdan çözülmegine goldaw berýäris"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýa meselesiniň syýasy taýdan çözülmegine goldaw berýändiklerini aýtdy

658461
"Siriýa meselesiniň syýasy taýdan çözülmegine goldaw berýäris"

Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirlen Siriýa gepleşikleri hakynda Mozambikde metbugata beýanat beren Daşary işler ministri Çawuşogly “Maslahat netijeli tamamlandy. 3 taraply mehanizm döredilýär”diýdi.

Mewlüt Çawuşogly “Maslahatyň ahyrynda Türkiýe, Russiýa we Eýran hökmünde bilelikde jarnama çap etdik. Jarnamada Moskwada bolşy ýaly Siriýanyň territorial bitewiligi nygtaldy. Siriýa meselesiniň syýasy taýdan çözüljekdigi aýratyn bellenildi. Ylalaşygyň gyşarnyksyz dowam etdirilmegi üçin 3 taraplaýyn mehanizmiň döredilmegi hakynda karar kabul edildi. Mundan soňky etapda Eýranyň hem uly rol oýnamagy ylalaşygyň geljegi taýdan möhüm. 2 gün dowam eden Astana gepleşikleri netijeli tamamlandy” diýdi.

 



Degişli Habarlar