Konstitusion özgertme teklibiniň ýene-de 4 maddasy kabul edildi

Halk deputatlary teklibiň her bir maddasy üçin aýry aýry ses berdi

655409
Konstitusion özgertme teklibiniň ýene-de 4 maddasy kabul edildi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde konstitutsiýa özgertme girizmek baradaky işler dowam edýär.

Mejlisde geçirilýän sese goýulşygyň ikinji tapygyrynda düýn  18 maddadan ybarat konstitusion özgertme teklibiniň ýene-de 4 maddasy kabul edildi.

Sese goýulşykda özgertme teklibinin 8-nji maddasy 339, 9-njy maddasy 341, 10-njy maddasy 340, 11-nji maddasy hem 342 ses bilen kabul edildi.

Halk deputatlary teklibiň her bir maddasy üçin aýry aýry ses berdi.

 



Degişli Habarlar