“Käbir töwerekler Merkezi bankyň prosent stawkalary artdyrmagy üçin basyş edýär”

Prezidentiň Baş maslahatçysy Bülent Gedikli käbir töwerekleriň Merkezi bankyň prosent stawkalary artdyrmagy üçin basyş edýändigini habar berdi

652335
“Käbir töwerekler Merkezi bankyň prosent stawkalary artdyrmagy üçin basyş edýär”

TRT gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri barada interwýu beren Gedikli Merkezi bankyň gerek bolan çäreleri görýändigini we çäre görmegini dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Walýuta kursynyň üsti bilen näbellilik düşünjesiniň emele getirilmek islenýändigini aýdan Gedikli daşary ýurt walýutalarynyň gymmatlamagynyň arkasyndaky sebäplerini düşündirdi.

Käbir töwerekleriň daşary ýurt walýutalarynyň gymmatlamagy bilen inflýasiýanyň artmagyna garaşýandyklaryny bellän Gedikli şolaryň Merkezi banka radikal ýagdaýda prosent stawkalaryny artmagy üçin basyş edýändiklerini belläp: “Oňa garşy Merkezi bank çäre görmegini dowam etdirýär” diýdi.



Degişli Habarlar