Hasan Ruhani Prezident Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani düýn Prezident R. T. Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

650803
Hasan Ruhani  Prezident  Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki lider telefon söhbetdeşliginde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Siriýada gazanylan ylalaşykdan hoşaldyklaryny aýdan Ruhani “Biz hüjümleriň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň dowam etdirilmegi üçin tagalla edýäris. Ankaranyň, Moskwanyň we Tähranyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi taýdan diýseň möhüm” diýdi.

Siriýa meselesinde Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek gepleşikler hakynda durup geçen Ruhani, Türkiýe bilen Eýranyň hyzmatdaşlyk etmeginde Siriýada we sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegini umyt edýändiklerini aýtdy.

“Sebitdäki ähli terror guramalary umumy duşmanymyzdyr” diýen Ruhani ähli terror guramalaryna garşy göreşmegi maksat edinýändiklerini belledi.

Prezident Erdogan hem Eýranyň ozalky prezidenti Haşimi Rafsanjaniniň aradan çykmagy sebäpli eýranyň halkyna we döwletine gynanç bildirdi we Rafsanjaniniň Ankara bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek üçin uly tagalla edendigine ünsi çekdi.

İki ýurduň hyzmatdaşlyk etmeginde sebitdäki terrorçylaryň ýok edilip bilinjekdigini aýdan Erdogan “Türkiýe bilen Eýran sebitde uly rol oýnaýar” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar