"Hiç kim terror guramasy PÝD üçin “Bularyň PKK-a bilen arabaglanşygy ýok” diýip bilmez"

Prezident R. T. Erdogan hiç kimiň terror guramasy PÝD üçin “Bularyň PKK-a bilen arabaglanşygy ýok” diýip bilmejekdigini aýtdy

649939
"Hiç kim terror guramasy PÝD üçin “Bularyň PKK-a bilen arabaglanşygy ýok” diýip bilmez"

Prezident Erdogan Prezidentiň kompleksinde geçirlen 34-nji Arçynlar maslahatynda sözlän sözünde, terror guramalarynyň diňe oýunjakdan ybaratdygyny, esasy göreşiň onuň arkasyndaky güýçlere garşy alnyp barylmalydygyny nygtady.

Prezident Erdogan terror guramalarynyň biri-biri bilen arabaglanşyklydygyny we hereketleri bilen hakyky ýüzlerini görkezendiklerini belledi.

Düýnki güne çenli DAIŞ-iň çäginde gan dökenleriň şu günki günde PÝD/ÝPG hökmünde ýüze çykandygyny gürrüň beren Erdogan, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň bolsa Türkiýä we türk halkyna duşmançylykly tutum alyp barýanlara  ähli mümkinçiligi bilen ýakyndan goldaw berýän gurama ýagdaýyna gelendigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan “FETÖ-niň Türkiýede başdan geçirlen agdarlyşyk synanşygyndaky rolyna ikirjiňli garaýanlar, Russiýa Federassiýasynyň ilçisiniň janyna kast edilmeginden soň waka göz ýetiren bolsalar gerek” diýdi.

Erdogan hiç kimiň PÝD üçin “Bularyň PKK bilen arabaglanşygy ýok diýip bilmejekdigini, çünki NATO-nyň resminamalarynda iki guramanyň arasyndaky arabaglanşygyň subut edilendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar