Prezident Erdogan Coca Colanyň Dolanşyk geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Prezident R. T. Erdogan Coca Colanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Muhtar Kenti kabul edi

648670
Prezident Erdogan Coca Colanyň Dolanşyk geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Prezidentiň kompleksindäki kabul edilşik metbugata ýapyk ýagdaýda geçdi.

8 ýyldan bäri Coca Cola ýolbaşçylyk edýän Muhtar Kent maý aýynda wezipesinden çekiler.

Ahmet Muhtar Kent 1952-nji ýylda Nýu Ýorkda dünýä inýär. Kakasy Nejdet Kent tanymal türk diplomatlaryndan biri. Tarsus Amerikan koležini tamamlan Muhtar Kent, Britaniýanyň Hull uniwersitetiniň ykdysadyýet bölüminde ýokary bilim alýar we 1978-nji ýylda Coca Colada işlemäge başlaýar. 1999-nji ýyla çenli Coca Colada dürli wezipelerde işleýär. 1999-2015-nji ýyllaryň aralygynda Efes Pilsen toparynda işleýär.

2005-nji ýylda Coca Colanyň Demirgazyk Aziýadan, Ýewraziýadan we Ýakyn Gündogardan jogapkär başlygy bolýar.

2008-nji ýylyň 1-nji iýulynda bolsa firmanyň ýolbaşçylygyna bellenýär. 2009-njy ýylyň 23-nji aprelinde bolsa Coca Colanyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy bolýar.

 



Degişli Habarlar