Çawuşogly Lawrow we Ýagland bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

648706
Çawuşogly Lawrow we Ýagland bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Daşary işler ministrliginden alynan maglumata görä söhbetdeşlik Lawrowyň talabyna laýyklykda geçirildi.

Telefon söhbetdeşliginde Siriýada parahatçylyk etaby we sebitdäki ýagdaý başda bolmak bilen ol ýerde bolan soňky wakalar we Gazagystanyň paýtagty Astanada şu aýyň ahyrynda başlajak gepleşikler barada pikir alyşyldy.

Daşary işler ministri Çawuşogly şeýle hem Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Turbýorn Ýagland bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Ýaglandyň talabyna laýyklykda geçirilen söhbetdeşlikde Türkiýe-Ýewropa Geňeşi gatnaşyklary we Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde dowam edýän Kipr gepleşikleriň barşy barada pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar