“Hüjümçiniň şahsyýeti howpsyzlyk güýçleri tarapyndan bilinýär”

Kaýnak terrorçynyň ýörite ýetişdirilendigini mälim etdi

644956
“Hüjümçiniň şahsyýeti howpsyzlyk güýçleri tarapyndan bilinýär”

Wise-premýer Weýsi Kaýnak Stambulda täze ýyl gijesi 39 adamy öldüren hüjümçiniň uýgur bolmagynyň ähtimaldygyny belläp: “Hüjümçiniň şahsyýeti howpsyzlyk güýçleri tarapyndan bilinýär” diýdi.

Weýsi Kaýnak hususy telewideniýeleriň birinde soraglara jogap berdi.

Kaýnak terrorçynyň ýörite ýetişdirilendigini mälim etdi.

Terrorçynyň şahsyýetiniň we arabaglanşyklarynyň bilinýändigini bellän Wise-premýer onuň milletiniň uýgur bolmagynyň ähtimaldygyny habar berdi.

“Hüjüm 2 terrorçy tarapyndan guraldymy?” soragyna jogap beren Weýsi Kaýnak: “Derňew dowam edýär. Emma hüjümiň 1 adam tarapyndan guralandygy görünip dur. Bir ýaragdan çykan oklar bilen edilen gyrgynçylyk” diýdi.

Kaýnak: “Hüjümde döwrebap Türkiýäni bilýän we täze ýyly Türkiýede geçirmek islän syýahatçylarymyz hem ýogaldy. Hüjüm ählimizi gynandyrdy” diýdi.

Wise-premýer terrorçynyň daşary ýurda gaçmagyny öňüni almak üçin giň-gerimli çäreleriň görülendigini habar berdi.



Degişli Habarlar