Hüjüm bilen arabaglanşykly 20 adam göz tussaglygyna alyndy

Stambulyň Ortaköý etrapçasynda gijeki kluba hüjüm guran we 39 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümçiniň şahsiýeti anyklanyldy

643943
Hüjüm bilen arabaglanşykly 20 adam göz tussaglygyna alyndy

Anadoly Habarlar gullugyna beýanat beren Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hüjümçiniň şahsiýetiniň anyklanylandygyny aýtdy.

Çawuşogly hüjümi guran hüjümçiniň şahsiýetini anyklandyklaryny we hüjüm bilen arabaglanşykly bolanlaryň anyklanylmagy işleriniň dowam edýändigini aýratyn belledi.

Beýleki tarapdan hüjüm bilen arabaglanşykly 20 adam göz tussaglygyna alyndy.

Izmiriň Bornowa we Buja etraplarynda guralan operasiýada  terror guramasy DAIŞ-e agza Dagystanly, Gündogar Türkistanly we Siriýaly 11-i zenan 20 adam göz tussaglygyna alyndy.

Göz tussaglygyna alynanlaryň Ortaköýdäki terrorçylykly hüjümi guran hüjümçi bilen Konýada bir öýde ýaşandyklary öňe sürülýär.

 



Degişli Habarlar