Erdogan Obama bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

643636
Erdogan Obama bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Obama täze ýyl gijesi Stambulyň Ortaköý etrapçasynda, 17-nji dekabrda bolsa Kaýseride guralan terrorçylykly hüjümlerde ýogalanlar üçin Erdogana gynanç bildirdi, ýaralananlar üçin şypa diledi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde terrora garşy göreş meselesinde Türkiýe bilen ABŞ-nyň birlikde işleşmäge dowam etjekdigini nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Obama Siriýada hüjümleriň bes edilmegi we Siriýanyň hökümeti bilen oppozisionerleriň arasynda syýasy gepleşikleriň başlamagy üçin Türkiýaniň edýän tagallasyny takdyr edýändigini nygtady.

Erdogan bilen Obama Yrakda we Siriýa terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşde ýetilen soňky sepgit hakynda hem pikir alyşdy.

Kipr meselesi hakynda hem pikir alyşan iki lider gepleşik etabynyň oňyn netije bermegini arzuw etdi.

 



Degişli Habarlar