Ýyldyrym: “Terror bizi boýun egdirmez, doganlygymyzy, jebisligimizi bozup bilmez”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Stambulyň Orataköý etrabyndaky gije klublaryndan birinde guralan terror hüjüminde ýaralananlary hassahanada baryp gördi.

642013
Ýyldyrym: “Terror bizi boýun egdirmez, doganlygymyzy, jebisligimizi bozup bilmez”

Ýyldyrym ýaralananlary görenden soň beren beýanatynda täze ýylyň ilkinji sagatlarynda goragsyz asuda ilata garşy pespäl hüjümiň guralandygyny aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym bir terrorçynyň içeri girip çem gelen ýere od açmagy netijesinde türk we daşary ýurtly jemi 39 adamyň ýogalandygyny, 60-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Terroryň adamzadyň umumy meselesidigini we terror bilen hiç hili netijäniň alynmajakdygyny nygtan Ýyldyrym, terroryň maksadynyň jebisligimize, agzybirligimize zyýan ýetirmekden ybaratdygyny aýtdy.

Türkiýäniň birnäçe wagtdan bäri sebitde hem ekstremist terror guramasyna, hem Fetullahçy terror guramasyna hem-de Siriýadaky we Yrakdaky awtoritar boşluk sebäpli ýüze çykan terrora garşy göreşýandigini aýdan Premýer ministr Ýyldyrym: “Türkiýäniň alyp barýan göreşiniň bir netijesiniň boljakdygyny bilýäris. Emma terrora asla boýun egmeris. Şu günki günde bu ýerde bolan terror ertir dünýäniň başga ýurdunda-da bolup biler. Şol sebäpli döwletleriň hiç haýsy howpsyz däl. “Bizde bolmaz” diýip bilmezler. Terroryň mukaddesi, dini bolmaz, her ýerde terrordyr. Terrorçylyga garşy göreşde iki strandartlylyk üstünlik däl, eýsem başarnyksyzlyk getirer” diýdi.

Türkiýäniň Russiýa bilen Siriýada insiýatiwa alyp, uzak dowam eden söweşi bes etdirmek ugrundaky başlangyçlarynyň sebitde terrorçylyga garşy taýdan uly üstünlik diýmegi aňladýandygyny nygtan Premýer ministr, mundan beýläk Türkiýede we dünýäde şeýle wakalaryň ýüze çykyp biljekdigini aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym 2017-nji ýylda terrorçylyga garşy göreş bilen birlikde Türkiýe we sebit üçin arman ýadaman işlejekdiklerini nygtady.

Ýyldyrym hüjümde pida bolanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirip, ýaralylara şypa diledi.

 



Degişli Habarlar