Prezident Erdogan guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Prezident R.T. Erdogan Stambuldaky terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly: “Bular ýaly hapa oýunlara hiç wagt geçit bermeris” diýdi

642115
Prezident Erdogan guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Prezident Erdogan Stambulyň Ortaköý etrapçasynda gije klublarynyň birinde guralan we 39 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly ýazmaça beýanat berip, hüjümi ýazgarýandygyny belledi.

Erdogan beýanatynda: “Milletimiziň asudalygyna zeper ýetirenler we olaryň kömekçileri asuda ilatymyzy nyşana alyp guraýan hüjümleri bilen ýurdumyzy durnuksyzlaşdyrmaga, halkymyzyň keýpini bozup, haos emele getirmäge synanyşýarlar. Emma biz millet bolup asudalygymyzy gorap, biri-birimiz bilen has hem jebis bolup bular ýaly hapa oýunlara hiç wagt geçit bermeris” diýdi.

Dürli-dürli terror guramalarynyň Türkiýäni nyşana alyp guraýan hüjümleriniň sebitde bolup geçýän wakalardan garaşsyz däldigini bilýändiklerini bellän Türkiýäniň Prezidenti Türkiýä garşy bolan howplary we hüjümleri ýüze çykan ýerinde ýok etmek babatynda tutanýerlidiklerini habar berdi.

Erdogan: “Ýurt we millet bolup terror guramalarynyň we olaryň arkasyndaky güýçleriň diňe ýaragly hüjümlerine garşy däl, eýsem olaryň ykdysady, syýasy, sosial hüjümlerine garşy hem ahyryna çenli göreşeris. Stambuldaky hüjüm terroryň tapawut goýmadan gan dökmegi, jan almagy, janlary ýakmagy maksat edinýändigini orta goýdy” diýdi.



Degişli Habarlar