DAIŞ-e agza 2 müň terrorçy PKK-nyň hataryna goşuldy

DAIŞ- bilen PKK-nyň hyzmatdaşlygy ýene-de bir gezek subut edildi

637730
DAIŞ-e agza 2 müň terrorçy PKK-nyň hataryna goşuldy

 

Türkiýä garşy terrorçylykly hüjümler guraýan terror guramalary DAIŞ- bilen PKK-nyň hyzmatdaşlygy ýene-de bir gezek subut edildi.

Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy üçin 24-nji awgustda Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde başladylan Ýefrat galkany operasiýasy sebäpli basyp alan ýerlerini PKK-a tabşyran DAIŞ bu gezek terrorçylaryny PKK-a bermäge başlady.

Yragyň Mosul şäheriniň günbataryndaky Sinjar dagynda täze gaçybatalga guran PKK Yragyň çetki obalaryndan DAIŞ-e agza 2 müňe golaý terrorçyny hataryna aldy.

PKK-nyň bu hereketi ýezidileriň we Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başda durmagynda sebitiň ýaşaýjylaryny aladalandyrýar.


 



Degişli Habarlar