Prezident Erdogan Stambulda möhüm ýüzlenmeler berdi

“Maýa goýumlaryňyzy yza süýşürmäň”

637247
Prezident Erdogan Stambulda möhüm ýüzlenmeler berdi

Prezident Erdogan işewür adamlaryna “Maýa goýumlaryňyzy yza süýşürmäň” diýip ýüzlenmedi.

Prezident Erdogan Stambulda Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň maslahatynda işewür adamlaryna ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Erdogan ykdysadyýete guralýan hüjümleriň maksadyna ýetmezliği üçin işewür adamlara uly jogapkärçiligiň düşýändigini belledi.

Prezident Erdogan “Hökümetimiz işewürlere goldaw bermäge dowam eder. Sizden bu ynjyk döwürde maýa goýumlaryňyzy yza süýşüňmän dowam etdirmegiňize garaşýarys. Ynha milli jebislik budyr” diýip belledi.

Prezident Erdogan Sosýal howpsyzlyk geňeşiniň  Stambulyň Maltepe etrabynda Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda ogly bilen birlikde şehit bolan ýakyn dosty Erol Olçogyň adyny göterýän merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan açylyş dabarasynda sözlän sözünde Ýefrat galkany operasiýasyna ünsi çekip, “Biz Siriýada ol ýerdäki doganlarymyz bilen birlikde öz geljegimiz üçin göreşdik we göreşmäge dowam edýäris. Al Baba girdik we Al Baby gurşap aldyk. Al Baby hem terrorçylardan saplarys we hakyky eýeleri öýlerine gaýdyp barar. Al Babdan soň nobat Münbiçde, Rakkada”diýdi.

Prezient Erdogan “Siriýanyň demirgazygynda täze döwletiň gurulmagyna asla rugsat bermeriz. Biz Siriýanyň demirgazygyny terrordan saplanan howpsyz zolak hökmünde yglan ederis” diýdi.



Degişli Habarlar